Erdogan, Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1369252
Erdogan, Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Idlib başda bolmak bilen, Siriýa krizisi, bosgun meslesi, Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan, Idlibdäki türk harbylaryna garşy guralan hüjümleriň jogabynyň Asada tabynlykdaky güýçlerden agyr ýagdaýda soralandygyny beýan etdi.

Erdogan, NATO-da alýans raýdaşlygynyň diňe sözde dälde, eýsem hereket derejesinde açyk we anyk ýagdaýda görmek isleýändiklerini habar berdi.

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri durmadygy saýyn adamzat krizisiniň çuňlaşjakdygyny aýdan Erdogan, Türkiýäniň Siriýa serhedindäki bosgun basyşynyň tebigy ýagdaýda Ýewropa bilen bolan serhetlerine hem kynçylyk döretmäge başlandygyny mälim etdi.

Erdogan, bosgunlar babatynda Ýewropa Bileleşigi we agza ýurtlar başda bolmak bilen halkara jemgyýetiň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini, adalatly ýük we jogapkärçilik paýlanşygy bilen Türkiýä goldaw berilmelidigini aýan etdi.

Türkiýäniň 4 million bosguna ýer eýeçiligini edýändigini, ýene-de 1,5 million bosgunyň bolsa häzirki wagtda Siriýa serhedine garaşýandygyny aýdan Erdogan, bütin sebitiň umumy meselesi bolan bu mesele babatynda Fransiýadan we Ýewropadan anyk çözgütlere we goldawa garaşýandyklaryny beýan etdi.



Degişli Habarlar