Türkiýe indi Ýewropa gitmek isleýän bosgunlary saklamaz

“Bosgunlar syýasatymyz üýtgemedi emma indi ýagdaý üýtgedi we bosgunlary saklamarys”

1367894
Türkiýe indi Ýewropa gitmek isleýän bosgunlary saklamaz

Adalat we Ösüş partiýasynyň metbugat sekreary Ömer Çelik, Türkiýäniň indi Ýewropa gitmek isleýän bosgunlary saklamajakdygyny aýtdy.

Ömer Çelik Siriýanyň hökümetiniň guran türk esgleriniň şehit bolan hüjüminden soň beren beýanatynda “Bosgunlar syýasatymyz üýtgemedi emma indi ýagdaý üýtgedi we bosgunlary saklamarys” diýdi.

Siriýanyň hökümetiniň hüjümlerinden gaçan Idlibiň halkynyň Türkiýe serhedinde emele getiren göç tolkunynyň, gury ýer we deňiň ýoly arkaly Ýewropa  tarap gitmekleri bökdelmejekdigi, kenarýaka howpsyzlyk gullukçylaryna we gümrük geçelgelerine degişli görkezmeleriň berlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar