Goranmak ministri serkerdeler bilen Idlibdäki operasiýa üçin serhede bardy

Hulusi Akar gury ýer we harby howa güýçleriniň serkerdeleri bilen Siriýanyň Idlib welaýatyndaky operasiýa üçin serhede bardy

1367979
Goranmak ministri serkerdeler bilen Idlibdäki operasiýa üçin serhede bardy

 

Milli goranmak ministri Hulusi Akar gury ýer we harby howa güýçleriniň serkerdeleri bilen Siriýanyň Idlib welaýatyndaky operasiýa üçin serhede bardyAkar Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň 33 esgeriň şehit bolan howa hüjüminden soň Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen “Howpsyzlyk maslahatyndan” soň harby güýçleriň serkerdeleri bilen Siriýa serhedine gitdi.

Idlibde geçirilýän operasiýanyň gönükdirilýän ýeri bolan Hataý welaýatyndaky Taktiki gönükdiriş merkezine baran Akar, soňky şertler hakynda maglumat alyp, degişli görkezmeleri berdi.

Ministr Akar hökümete degişli pozisiýalara gury ýer we howa goldaw ulaglary bilen guralýan operasiýany ýerinde gönükdirýär.

 



Degişli Habarlar