"Ýüz müňlerçe raýatyny öldüren Asad bilen dost bolmak mümkin däl”

Prezident Erdogan “Idlibde şertler biziň bähbidimize öwrüldi” diýip belledi.

1367677
"Ýüz müňlerçe raýatyny öldüren Asad bilen dost bolmak mümkin däl”

 

Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň Idlib welaýatynda şertleriň Türkiýäniň bähbidine öwrülendigini aýtdy.

Paýtagt Ankarada Adalat we ösüş partiýasynyň Syýasat Akademiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Erdogan, Liwiýada Halife Haftaryň bähbidine bolan ýagdaýy tersine öwürendiklerini nygtady.

Prezident Erdogan “Idlibde bolsa şertler biziň bähbidimize öwrüldi” diýip belledi.

Idlibde 3 esgeriň şehit bolandygyny aýdan Erdogan, Asada tabynlykdaky güýçleriň bolsa has uly ýitgi çekendigini ýatlatdy.

Sebitdäki krizis meselesinde Russiýa bilen gepleşikleriň geçirilýändigini nygtan Erdogan “Biz Adana ylalaşygyna laýyklykda Siriýada iş alyp barýarys. Russiýanyň goldawy bolmasa Asad öz barlygyny dowam etdirip bilmez. Bizi binjalyk edeni biz hem biynjalyk ederis. Biz sebitde terrora asla ýol bermeris. Sebitiň durnukly bolmagyny isleýäris. Ýüz müňlerçe raýatyny öldüren Asad bilen dost bolmak mümkin däl” diýdi.



Degişli Habarlar