Eýranyň we beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýä girmegi gadagan edildi

Türkiýeden Eýrana gitmek isleýän eýranyň raýatlaryna bolsa hiç hili çäklendirme goýulmady

1364875
Eýranyň we beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýä girmegi gadagan edildi

Eýranda koronawirus epidemiýasynyň ýaýbaňlanýandygy sebäpli, Eýran bilen gury ýer serhetlerinden Eýranyň we beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýä girmegi gadagan edildi

Eýranyň üsti bilen howa ýoly arkaly daşary ýurtlylaryň Türkiýä girmegi hem düýn agşam Türkiýe wagty bilen sagat 20..00-dan başlap gadagan edildi.

Türkiýeden Eýrana gitmek isleýän eýranyň raýatlaryna bolsa hiç hili çäklendirme goýulmady.

 


Etiketkalar: #gadagan , #koronawirus , #Eýran

Degişli Habarlar