Prezident Erdogan, Germaniýada terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Erdogan hüjümde ýogalan raýatlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr diledi

1363304
Prezident  Erdogan, Germaniýada terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Prezident R. T. Erdogan, Germaniýanyň Hanau şäherinde düýn agşam guralan we türkler bilen birlikde 9 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan aşa sagjy terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Prezdent Erdogan, Prezidentiň Kompleksinde Millet kitaphanasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, hüjümde ýogalan raýatlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr diledi.

Prezident Erdogan “Ilçihanamyz bilen birlikde degişli guramalarymyz waka bilen ýakyndan gyzyklanýar we raýatlarymyza degişli goldawy berýärler. Nemes ýolbaşçylarynyň hüjümiň jogapkärleriniň gyssa wagtda tapylmagy üçin tagalla etjekdigine ynanýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar