Erdogan: “Türkiýe resmi Tripolini goldamaga dowam eder”

Prezident, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdogan Türkiýäniň Liwiýada ýurduň legal hökümeti bolan resmi Tripolini goldamaga dowam etjekdigini aýtdy

1362473
Erdogan: “Türkiýe resmi Tripolini goldamaga dowam eder”

Erdogan partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda: “Ýurdumyzyň Libiýa goşun ugratmagyndan soň huntajy Haftaryň operasiýalary onsuz hem bes edilipdi. Eger halkara jemgyýetçiliginiň degişli bolmagyndaky gepleşiklerden adalatly netije çykmasa, legal Tripoli hökümetini ýurtda doly hâkimiýet gurmagy üçin goldarys. Resmi Tripoliniň kabul eden karary ýerliklidir” diýdi.

Çykyşynda Türkiýäniň Ortaýer deňizindäki egilşiksiz pozisiýasynyň ykrar edilmäge başlanandygyny hem beýan eden Prezident Erdogan: “Ortaýer deňzinde Liwiýa bilen gazanan ylalaşygymyzdan soň ýurdumyzyň bäbidine özgerýän deňagramlyklar barha güýçlenýär. ÝB-niň Liwiýa boýunça karar kabul etme ygtyýary ýok. Bu meselede eýeleýän pozisiýamyzyň netjesinde Ortaýer denizinde yglan eden statusymyz Gresiýanyň başda durmagynda meselä degişli bolan ýurtlar tarapyndan kabul edilmäge başlandy” diýdi.



Degişli Habarlar