Hulusi Akar Ankarada saparda bolýan Kataryň Baş ştabynyň başlygy Al Ganimi kabul etdi

Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

1361915
Hulusi Akar Ankarada saparda bolýan Kataryň Baş ştabynyň başlygy Al Ganimi kabul etdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Ankarada saparda bolýan Kataryň Baş ştabynyň başlygy Ganim Bin Şahin Al Ganimi kabul etdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler hem  Kataryň Baş ştabynyň başlygy Ganim Bin Şahin Al Ganim bilen duşuşypdy.

Goşun generaly Güler myhman serkerdäni Baş ştabda harby dabara bilen garşylady.

Güler bilen Ganim garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

 



Degişli Habarlar