Hulusi Akar Idlib meselesi bilen bagly NATO çagyryş berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, NATO alýansyna Siriýanyň hökümetiniň Idlibde guraýan hüjümlerine garşy anyk kömek bermek barada çagyryş berdi

1357792
Hulusi Akar Idlib meselesi bilen bagly NATO çagyryş berdi

Hulusi Akar, Associated Press habarlar agentligine, Idlibde başdan geçirilen soňky hadyslar bilen bagly beýanat berdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçilik ýa-da harby nokatlara garşy hüjüm guran halatynda, türk esgerlerine has hem berk ýagdaýda jogap bermek barada buýruk berendigini aýdan Akar: “Islendik bir aksiýa bolsa jogap gaýtarylar. Biz eýýäm ençeme gezek işgärlerimizi we esgerlerimizi Idlibdäki gözegçilik nokatlaryndan çekmejekdigimizi belläp geçdik. Olar berilen wezipelerini dowam etdirerler” diýip nygtady.

Hulusi Akar, Türkiýäniň Idlibdäki 12 gözegçilik nokadyndan hiç birini boşlatmajakdygyny nygtap, hüjüm guralan halatynda türk esgerlerine Siriýanyň harby nokatlaryna hüjüm guramak barada buýruk berendigini aýan etdi.  

“Russiýadan Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerini bes etmegini, ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilmegini we şonuň netijesinde adamlaryň öz öýlerine, topraklaryna gaýdyp barmaklarynyň üpjün edilmegini isleýäris” diýen Hulusi Akar, Türkiýäniň Idlibdäki maksadynyň Soçi ylalaşygyny düzgünlerini berjaý etmekden we täze bir bosgun tolkunynyň öňüni almakdan ybaratdygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Idlib , #çagyryş , #NATO , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar