Türkiýe Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümine garşylyk görkezdi

Idlibde düýn guralan hyýanatçylykly hüjümde 5 esger şehit bolupdy, 5 esger bolsa ýaralanypdy

1356909
Türkiýe Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümine garşylyk görkezdi

Siriýanyň Idlib sebitinde Asada tabynlykdaky güýçleriň guran hüjüminde 5 türk esgeriň şehit bolmagyndan soň, Asada tabynlykdaky güýçlere degişli 115 nyşana hüjüm guraldy, 101 esger täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Idlibde Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümden soň, halkara hukuga laýyklykda şol bada garşylyk görkezilendigini, Asada tabynlykdaky güýçlere degişli 115 ýeriň nyşana alynyp hüjümleriň guralandygyny, 101 esgeriň bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Beýanatda: “Şehit bolan we ýaralanan doganlarymyzyň gany ýerde galmady, mundan soň hem galdyrylmaz. Bu hüjümi guranlardan jogap alynar we şuňa meňzeş hüjümlere garşy şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem iň berk ýagdaýda jogap beriler. Hadysalar ýakyndan gözegçilik edilýär we gerek bolan çäreler görülýär” diýip habar berildi.

Idlibde düýn guralan hyýanatçylykly hüjümde 5 esger şehit bolupdy, 5 esger bolsa ýaralanypdy.


Etiketkalar: #hüjüm , #beýanat , #Idlib , #Siriýa

Degişli Habarlar