“Ertir Russiýadan wekiliýet geler”

Daşary işler ministri Çawuşoglu slowak kärdeşi bilen duşuşdy

1355196
“Ertir Russiýadan wekiliýet geler”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Siriýanyň İdlib welaýatyndaky şertleriň agyr bolmagynda galýandygyny belläp, ertir Russiýadan bir wekiliýetiň mesele boýunça Türkiýä geljekdigini aýtdy.

Çawuşoglu Slowakiýanyň Daşary işler we Ýewropa işleri ministri Miroslaw Lažjak bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Siriýanyň İdlib şäherinde hökümete degişli güýçleriň asuda ilata guraýan hüjümleri sebäpli ýüze çykýan pajyganyň dowam edýändigini nygtan Çawuşoglu, İdlibde gumanitar pajygagynyň öňüni almak üçin näme edilmeli bolsa etjekdiklerini aýtdy.

Hökümetiň 3-nji fewralda türk esgerlerine hem hüjüm edendigini we 8 adamyň şehit bolandygyny ýatladan Çawuşoglu: “Essesi bilen gaýtawul berdik. bu meselede Russiýa pozisiýamyzy beýan etdik. Hökümetiň hüjümleri artdy. Hökümetiň hemaýatkäri bolan Russiýa bilen gepleşiklerimiz dowam edýär” diýdi.

Çawuşoglu: “Prezidentimiz R.T.Erdogan 2 gün ozal Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Şol söhbetdeşlikde wekiliýetleriň duşuşmaklary boýunça ylalaşyldy. Russiýadan ertir bir wekiliýet Türkiýä geler. Gerek bolan liderler derejesinde-de maslahatlaşylar” diýdi.



Degişli Habarlar