Wan welaýatynda başdan geçirilen harsaň pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Türkiýäniň Wan welaýatynyň Bahçesaraý etrabynda garyň aşagynda galan ýene-de 2 adamyň jesedi çykaryldy

1354699
Wan welaýatynda başdan geçirilen harsaň pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Harsaň pajygasynda ýogalan adamlaryň sany şeýlelik bilen 41-e ýetdi. 

Žandarma güýçleriniň gözleg we halas ediş topary we AFAD gullugy harsaň bolan sebitde gözleg işlerini dowam etdirýär. 

Gözleg işlerine ýörite taýarlanan itler hem gatnaşdyrylýar. 

Harsaňyň aşagynda galan ýene-de 2 adamyň gözleg işi dowam edýär. 

Bahçesaraý ýolunda howpsyzlyk çärelerini artdyran Žandarma güýçleri, howpsyzlyk sebäpli ýoly ýapdy. 

Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Wan welaýatynyň gubernatory Emin Bilmez we Adalat we ösüş partiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Fatma Betül Saýan Kaýa bilen birlikde harsaň pajygasynda ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek maksady bilen öýlerine bardylar. 


Etiketkalar: #gar , #Wan , #harsaň

Degişli Habarlar