Prezident Erdogan: “Baýdagymyzy ýyrtan grek wekil ahlaksyzlyk etdi”

Prezident R.T. Erdogan, Türkiýäniň baýdagyny ýyrtan grek wekiliň şol hereketini ahlaksyzlyk hökmünde häsýetlendirdi

1353836
Prezident Erdogan: “Baýdagymyzy ýyrtan grek wekil ahlaksyzlyk etdi”

Türkiýäniň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan geçen hepde Ýewropa Parlamentinde Türkiýäniň baýdagyny ýyrtan grek deputat Ioannis Lagos bilen bagly beýanat berdi.

“Ýewropa Parlamentindäki grek wekil edepsizlik, ahlaksyzlyk etdi” diýen Erdogan: “Bu hereketi Gresiýanyň adyndan dälde, şahsy öz adyndan ahlaksyzlyk edendigi hökmünde garaýaryn. Biziň baýdagymyzyň reňki şehit bolanlaryň ganydyr. Ol hereket bolsa onuň gansyzlygyny görkezýän bir zatdyr” diýip belledi.



Degişli Habarlar