Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki hüjümi jogapsyz galmaz" diýdi

Prezident Erdogan, Ukraina saparyndan soň uçarda metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

1353237
Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki hüjümi jogapsyz galmaz" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Siriýanyň Idlib sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harbylara garşy guralan hyýanatçylykly hüjüm bilen baglanşykly, Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki hüjüminiň jogapsyz galmajakdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan, Ukraina saparyndan soň uçarda metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Hüjümiň Idlib ylalaşygynyň aç-açan düzgün bozulmasydygyny aýdan Erdogan: "Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki hüjümi elbetde jogapsyz galmaz" diýdi. 

Asada tabynlykdaky güýçlere gerek bolan jogabyň berilendigini aýdan Erdogan, Asada tabynlykdaky güýçlere agza 76 adamyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Erdogan Asada tabynlykdaky güýçlere garşy operasiýalaryň dowam etjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar