Resmiler Elazyg welaýatyndaky ýer titreme bilen bagly beýanat berdiler

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Elazyg welaýatynyň Siwrije etrabynda bolan 6,8 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, 1348 gezek kiçiräk ýer titremeleriň bolandygyny aýan etdi

1349731
Resmiler Elazyg welaýatyndaky ýer titreme bilen bagly beýanat berdiler

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum we Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Elazyg gubernatorlygynda geçirilen metbugat ýygnagynda, beýanat berdiler. 

Süleýman Soýlu, Elazyg welaýatynda we Malatýa welaýatynyň Doganýol, Pütürge, Kale we Battalgazi etraplarynda mekdepleriň 10-njy fewralda açyljakdygyny habar berdi. 

Ýer titreme bilen baglanşykly soňky maglumatlary paýlaşan Soýlu, Elazyg welaýatynda zyýan ýeten 10 mekdebiň dolulygyna ýumruljakdygyny aýan etdi. 

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum bolsa Elazyg we Malatýa welaýatlarynda wagtlaýyn ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygynyň dowam edýändigini mälim etdi. 

Ministr Kurum, jemi 6 müň 400 ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygyny habar berdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bolsa, Elazyg ýer titremesinde ýaralanan adamlar bilen bagly beýanat berdi. 

Ministr Koja, 7-si reanimasiýada bolan jemi 64 adamyň bejergisiniň dowam edýändigini beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar