Türk raýatlaryna Hytaýa gitmezlik maslahat berildi
Daşary işler ministrligi türk raýatlaryna Hytaýa gitmezligi maslahat berdi
1348627
Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan täze görnüşli koronawirusy (2019nJoW) howpynyň barha ýaýbaňlanýandygyna üns çekildi.
Beýanatda “koronawirusyna ýoluganlaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigi sebäpli raýatlarymyza Hytaýa gitmezligi maslahat berýäris. Hytaýa gidenleriň hem Hubeý welaýatynyň başda durmagyna wirusyň ýaýbaňlanýan ýerlerinden çetde durmaklaryny maslahat berýäris” diýildi.
Hytaýda ýaşaýan türk raýatlaryndan, Türkiýäniň Hytaýdaky ilçihanasynyň, Hytaýyň we Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasyynyň beýanatlaryna we duýduryşlaryna üns bermekleri islendi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.