Prezident Erdogan Senegal döwletinde saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Senegal döwletine bardy

1348934
Prezident Erdogan Senegal döwletinde saparda bolýar

Prezident Erdogan, Senegally kärdeşi Maki Sallyň çakylygyna laýyklykda baran Senegalyň paýtagty Dakarda resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident köşgünde Senegalyň Prezidenti Sall tarapyndan garşylanan Erdogan, iki ýurdyň milli senalarynyň ýaňlanmagyndan soň harby topara salam berdi.

Resmi dabaradan soň salamlaşyp surata düşen Erdogan we Sall, ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler.


Etiketkalar: #sapar , #Dakar , #Senegal , #Erdogan

Degişli Habarlar