Prezident Erdogan Gambiýaly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Erdogan, Liwiýanyň gündogaryndaky kanuny bolmadyk güýçleriň lideri Halife Hafteriň ylalaşyk, parahatçylyk ýaly aladalarynyň bolmandygyny beýan etdi

1348558
Prezident Erdogan Gambiýaly kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
erdogan ucak gazeteciler.jpg

Gambiýa resmi sapar guran Prezident Erdogan, kärdeşi Adama Barrow bilen geçiren ilki ikiçäk, soň bolsa toparara gepleşiklerden soň Prezident köşgünde umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Erdogan Liwiýadaky etap bilen bagly soraga, hem Berlin etabynda hem-de Moskwa etabynda, Hafteriň gazanylan ýa-da taýarlanan tekste gol çekmändigini, Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň başlygy Faýýiz Serrajyň bolsa gol çekendigini ýatladyp: “Halkara maslahatlarda eger taraplar bular ýaly şertnamalara gol çekmeýän bolsalar, onda bu ýerde ylalaşyk gazanyldy diýip bolmaz” diýip habar berdi.

Berlinde taýarlanan tekstiň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine gitjekdigini aýdan Erdogan: “Emma bu ýerde bir nokat örän möhümdur, ol nokat bolsa, Hafter ähli bu etaplardan dowamly gaçdy we soňky etapdan soň hem öz metbugat geňeşçisiniň Liwiýadaky etap niliň ujundadyr diýip beýanat bermegi örän düşündirijidir. Bu beýanat bolsa Hafteriň ylalaşyk aladasynyň bolmandygyny, parahatçylyk aladasynyň bolmandygyny görkezýär. Berline gelen taraplaryň bu beýanaty eşidendigini we şoňa görä pozisiýa eýelejekdigine ynanýarys” diýip nygtady.

Prezident Erdogan, Gambiýa barýan mahaly uçarda metbugat işgärlerine beren beýanatyndada, Liwiýa meselesiniň çözüwi üçin meýilnamanyň kesgitlenendigini aýan etdi.

Erdogan: “Milli Ylalaşyk hökümeti şu güne çenli kabul edilen ähli kararlary ýerine ýetirdi. Hem Moskwadan hem-de Berlinden gaçan Hafter ylalaşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýär. Liwiýada parahatçylyk ýola goýuljak bolsa Hafteriň duruzylmagy gerek” diýip belledi.


Etiketkalar: #BMG , #Moskwa , #Berlin , #Gambiýa

Degişli Habarlar