Çawuşogly Dawosda özara duşuşyklar geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilýän 50-njy Bütindünýä ykdysady forumynda ikiçäk duşuşyklar geçirdi

1345371
Çawuşogly Dawosda özara duşuşyklar geçirdi
çavuşoğlu davos 2.jpg

Çawuşoglu Azerbaýjanyň Döwlet Nebit kompaniýasynyň Başlygy Röwnak Abdullaýew bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşoglu şeýle-de Şweýsariýanyň Adalat we migrasiýa ministri Karin Keller-Sutter we Ruandanyň Daşary işler ministri Winsent Biruta bilen özara duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklar özara we sebitara meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Mewlüt Çawuşoglu Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilýän 50-nji Bütindünýä ykdysady forumynda “Alibaba Toparynyň” we “Mahindra Toparynyň” başlyklary hem duşuşdy.

Alynan maglumata görä ministr Çawuşoglu duşuşyklarda Türkiýede maýa goýum meýilnamalary hakynda pikir alyşdy.

Çawuşogly şeýle-de “Ýewraziýa Üçin Täze garaýyş-Durnukly Ösüş Üçin Hyzmatdaşlyklar Maslahatyna” gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Gaharianyň gatnaşan maslahaty metbugata ýapyk häsýetde geçirildi.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä ministr Çawuşogly Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän ýurtlardan biri bolan Türkiýäniň “Beýgelýän Aziýa materigi” boýunça pozisiýasy hakynda maglumat berdi.

Çawuşogly “Täzeden Aziýa” başlangyjy hakynda maglumat beren maslahatynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň ulag we energiýa howpsyzlygy boýunça alyp barýan bilelikdäki işleri we taslamalar hakynda-da durup geçdi.



Degişli Habarlar