“Türkiýe Liwiýada parahatçylygyň açary boldy”

Prezident Erdogan, Gresiýanyň Liwiýa meselesinde ýalňyş syýasat alyp barýandygyny belledi

1343330
“Türkiýe Liwiýada parahatçylygyň açary boldy”

Prezident R. T. Erdogan, Liwiýa meselesinde geçiriljek maslahata gatnaşmak üçin Germaniýanyň Berlin şäherine gitmezden ozal Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde metbugata beýanat berdi.

“Halkara jemgyýetçiligi şu günki güne çenli Huntaçy Haftaryň hüjümlerine ýeterlik derejede garşylyk görkezmedi” diýen Erdogan, “Türkiýe edýän tagallalary bilen Liwiýada parahatçylygyň açary boldy” diýdi.

Huntaçy Haftaryň Gresiýa guran sapary hakynda hem durup geçen Erdogan “ Gresiýa, Germaniýada geçiriljek konferensiýa çagyrylmady. Liwiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ylalaşyk Gresiýany biynjalyk edipdi. Haftaryň Gresiýa gitmeginiň biziň üçin hiç hili ähmiýeti ýok” diýdi.

Prezident Erdogan, Gresiýanyň Liwiýa meselesinde ýalňyş syýasat alyp barýandygyny belledi.

                                                                              

 

 

 



Degişli Habarlar