Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Milli Goranmak ministrligi geçirilýän operasiýalar barada maglumat berdi

1341648
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde anyklanan PKK-ly 3 terrorçy, howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz tutanýerli ýagdaýda dowam edýär” diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan düýn, Yragyň demirgazygynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Milli Howpsyzlyk gullugynyň howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçiren bilelikdäki operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar