Müsüriň Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasyny kabul etmeýäris

Çawuşogly  Müsüriň howpsyzlyk güýçleriniň Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasy hakynda durup geçdi

1341943
Müsüriň  Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasyny kabul etmeýäris

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Müsüriň howpsyzlyk güýçleriniň Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Çawuşogly hususy telewideniýe kanalynda eden çykyşynda,  Müsüriň howpsyzlyk güýçleriniň Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasy hakynda durup geçdi.

Waka bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Çawuşogly “Ozal hem şuňa meňzeş wakalar başdan geçirildi. Wakanyň  esasan Anadoly Habarlar gullugynda işleýän ýerlilere garşy bolan hereketdigini görýäris. Emma netijede kimdigi beýle möhüm däl,  Müsüriň howpsyzlyk güýçleriniň Anadoly habarlar gullugynyň Kairdäki ofisine guran operasiýasyny kabul etmeýäris. Degişli gepleşikler geçirildi. Prezidentimiziň Müsüriň ozalky Prezidenti Muhammed Mursiniň ýogalmagy meselesinde gozgalan kazyýet işi hakyndaky beýanatyndan soň Müdürlileriň  bize garşy tutum alyp barmaga başlandygyny görýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar