Türkiýe Liwiýadaky we Idlibdäki ylalaşyk etabyny ýakyndan gözegçilik edýär

Milli Goranmak ministrligi, birnäçe özbaşdak wakanyň daşynda sebitleriň ikisinde hem ýagdaýyň asudadygyny habar berdi

1339212
Türkiýe Liwiýadaky we Idlibdäki ylalaşyk etabyny ýakyndan gözegçilik edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, 8-nji ýanwarda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Liwiýada we Idlibde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmegi barada ylalaşandyklary ýatladyldy.

Beýanatda: “Sebitleriň ikisinde ýola goýulan od açmazlyk baradaky ylalaşyk, hüjümleriň bes edilip, adam ýitgileriniň we bosgun akymynyň öňüniň alynmagyny, gündelik durmuşyň kadalaşmagyny üpjün etmek maksady bilen asudalygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy ugrunda ediljek ilkinji möhüm ädimdir” diýip aýan edildi.

Beýanatda, ylalaşyk güýje gireninden başlap hem Liwiýada hem-de Idlibde taraplaryň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge tagalla edýändikleri bellendi.

Birnäçe özbaşdak wakanyň daşynda sebitleriň ikisinde hem ýagdaýyň asudadygy mälim edilen beýanatda, ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilip-edilmezliginiň ýakyndan gözegçilik edilýändigi habar berildi.



Degişli Habarlar