“Türkiýe Yrakda-da, Siriýada-da, Ortaýer deňzinde-de öz bähbitlerini gorar”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Yrakda-da, Siriýada-da, Ortaýer deňzinde-de öz bähbitlerini we hukuklaryny soňuna çenli goramaga dowam etjekdigini aýtdy

1337937
“Türkiýe Yrakda-da, Siriýada-da, Ortaýer deňzinde-de öz bähbitlerini gorar”

Prezident Erdogan Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde döwlet gullukçylarynyň işe alynyş dabarasynda çykyş etdi.

Käbir töwerekleriň Ortaýer deňzinde Türkiýäni öz kenarlaryna gabamak isleýändiklerini nygtan Erdogan: “İlki Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy bilen, soň Libiýa bilen gol çekişen ylalaşyklarymyz bilen şol oýuny bozduk” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň howpsyzlygynyň we geljekdiginiň öz serhetlerimizde dä, has aňyrdan başlaýandygyny aýtdy.

Erdogan: “Türkiýe Yrakda-da, Siriýada-da, Ortaýer deňzinde-de öz bähbitlerini we hukuklaryny soňuna çenli goramaga dowam eder” diýdi.

Türkiýäniň Liwiýa goşun ugratmak meselesinde bir millet, bir baýdak, bir watan, bir döwlet şygary bilen uly göreş alyp barýändigini nygtan Erdogan: “Bu mukaddes göreşi ýeňiş bilen tamamlarys. Yza dolanyp ser salanymyzda her bir bökdençlik bizi hasam güýçlendirdi. Ýenişe çenli durmak, säginmek, yza gaýtmak ýok. Nirede bolmaly bolsak, şol ýerde-de bolaryş, kime garşy durmaly bolsak asla çekinmeris” diýdi.



Degişli Habarlar