Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Prystaiko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Çawuşogly Eýranda heläkçilige uçran Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

1337048
Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Prystaiko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Wadym Prystaiko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Daşary işler ministri Çawuşogly telefon söhbetdeşliginde Eýranda heläkçilige uçran Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Şu gün ir ertir Ukrainanyň paýtagty Kiýeje gitmek üçin Eýranyň paýtagty Tährandaky Ymam Humeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçary uçandan gysga wagt soň ýere gaçypdy.

Uçardaki 176 adamdan halas bolan ýok

 

 



Degişli Habarlar