Prezident Erdogan, Ruhani we Salih bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Yragyň Prezidenti Berham Salih bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1334721
Prezident Erdogan, Ruhani we Salih bilen söhbetdeş boldy

Prezident Erdoganyň, Ruhani we Salih bilen geçiren telefon söbetdeşliginde sebitdäki soňky hadysalary we ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşandygy aýan edildi. 

Erdogan bilen Salihiň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde, sebitdäki krizisleri çözmek üçin sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga zerurlygyň bardygy nygtaldy. 

Telefon söhbetdeşliginde iki Prezident mundan başgada, radikal pikirler we terrora garşy göreşiň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen sebitiň durnuklylygynyň üpjün edilmeginde möhümdigi barasynda bir pikirdedikleri mälim edildi. 

Prezident Erdogan Salihe: "Yragyň sebitleýin we halkara çaknyşygyň ýeri bolmagyna rugsat bermedik" diýendigi habar berildi. 
 


Etiketkalar: #Eýran , #Yrak , #Erdogan

Degişli Habarlar