Prezident Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, düýn ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1333814
Prezident Erdogan Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn meseleler bilen birlikde Liwiýada we Siriýada başdan geçirilen soňky hadysalaryň ara alynyp maslahatlaşylandygy mälim edildi.

Prezident Erdogan, Yrakda ABŞ-nyň Howpsyzlyk güýçlerini nyşana alýan aksiýalara uly alada we gynanç bilen gözegçilik edýändiklerini belläp, ABŞ-nyň Ilçihanasyna garşy aksiýalaryň bes edilmeginden hoşaldyklaryny habar berdi.

Sebitleýin meseleleriň çözüwinde diplomatiýanyň ähmiýedini belläp geçen Erdogan we Tramp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolsa bilelikde gazanmak üçin hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi babatynda ylalaşyga geldiler.



Degişli Habarlar