Türkiýe Liwiýanyň milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam eder

Hami Aksoý, Liwiýa temaly maslahat hakynda ýazmaça beýanat berdi

1332871
Türkiýe Liwiýanyň milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam eder

 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Liwiýanyň legal wekili bolan Milli ylalaşyk hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Hami Aksoý, Arap Ligasy geňeşiniň hemişelik wekilleri derejesinde adatdan daşary ýagdaýda geçirlen Liwiýa temaly maslahat hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Milli ylalaşyk hökümetiniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan Liwiýanyň  ýeke-täk legal wekili hökmünde kabul edilendigine ünsi çeken Aksoý, emma muňa garamazdan Haftar tarapyndan paýtagt Tripola garşy birnäçe aýdan bäri dowam edýän  daşary ýurtlylar tarapyndan goldanýan hüjümlere Arap ligasynyň ýeterlik derejede garşylyk görkezmeýändigini ýatlatdy.

Aksoý, Türkiýäniň, Liwiýadaky dartgynlygyň syýasy taýdan çözülmegine, ilkinji nobatda hüjümleriň bes edilmegine goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar