Türkiýäniň ilkinji ýeri awtoulagy dünýäniň gün tertibinde…

Türkiýäniň ilkinji ýeri awtoulagy daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibinde…

1331012
Türkiýäniň ilkinji ýeri awtoulagy dünýäniň gün tertibinde…

 

Düýn Kojaeliniň Gebze etrabynda tanyşdyrlan Türkiýäniň awtoulagy baradaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapdy.

Dünýäde “trend topik” bolan Türkiýäniň awtoulagy, # Ýerlioto heştegi bilen dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeledi.

Türkiýäniň awtoulagy hakynda gysga wagtda 100 müňden gowrak tweet atyldy.

Roýter habarlar gullugy habary “Türkiýe ilkinji ýerli awtoulagyny tanyşdyrdy” söz başysy bilen berdi.

Habarlar gullugy, Prezident R. T. Erdogan gymmaty 3,7 milliard dollara barabar bolan taslamanyň ýurduň ykdysadyýetiniň gün saýyn ösýändiginiň anyk görkezijisidigi hakyndaky sözlerine ünsi çekdi.

Iňlis Daily Mail, Türkiýäniň awtoulagynyň Amerikaly elektrik togy bilen işleýän ulag öndürýän Tesla bäsdeş hökmünde görýändigini nygtaýar.

Bloomgber bolsa mesele hakyndaky habaryny “Türkiýe 3,7 milliard dollarlyk ilkinji ýerli awtoulagyny tanyşdyrdy” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Al Jezire “Türkiýe ilkinji ýerli awtoulagyny tanyşdyrdy” söz başyly habarynda,  Prezident Erdoganyň Türkiýäniň awoulagyny diňe ýurduň içinde satmak bilen çäklenmän eýsem şol bir watda Ýewropadan başlap dünýäniň çar tarapynda marka bolmagyny isleýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

 


Etiketkalar: #ýerli , #ilkinji , #awtoulag

Degişli Habarlar