Ibrahim Kalyn Siriýa we Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Siriýada we Liwiýada edýän ädimleriniň oýnalan ençeme oýuny bozandygyny aýan etdi

1327781
Ibrahim Kalyn Siriýa we Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

Ibrahim Kalyn, 14-nji dekabrda Stambulda açylan Ümraniýe Kitap sergisiniň ýapylyşynda söz sözledi.

Kalyn, ençeme ugurda özgerýän Türkiýäniň daşary syýasatda hem möhüm ädimler edýändigini belledi.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýäniň Siriýada we Liwiýada edýän ädimleriniň oýnalan ençeme oýuny bozandygyny aýan etdi.

Deňagramlylyklaryň bozulandygy üçin Türkiýä garşy berilýän reaksiýalaryň geriminiň has hem artandygyny aýdan Ibrahim Kalyn: “Emma ne Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen eden ädimlerimize garşy berilen reaksiýalar ne-de Liwiýada baglaşan ylalaşyklarymyzyň çäginde berilen reaksiýalaryň gerimi, biziň Gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklarymyzy goramak bilen bagly tagallalarymyzy hiç bir ýagdaýda yza itip bilmez. Gaýtam tersine bu ugurlarda biz tutanýerli pozisiýamyzy mundan beýläk hem dowam etdireris” diýip belledi.



Degişli Habarlar