Fuat Oktaý Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý, Liwiýadan talap gelen halatynda gerek bolan göçümleriň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi

1327368
Fuat Oktaý Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

Fuat Oktaý, Ýozgat şäherinde eden çykyşynda, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň hakyny we hukugyny doramaga dowam etjekdiklerini habar berdi.

Liwiýa bilen baglaşylan aýratyn ykdysady zolak ylalaşygy bilen Howpsyzlyk we harby hyzmatdaşlyk memorandumynyň Türkiýe üçin strategik taýdan iňňän möhüm, taryhy ähmiýete eýedigini aýdan Oktaý: “Sebitde durnuklylyga goşant goşmak üçin, Liwiýadaky kanuny hökümete garşy hüjümleriň dowam etmegi we liwiýaly doganlarymyzdan talap gelen halatynda Türkiýe Respublikasy hökmünde gerek bolan göçümleri maslahatlaşmaga taýardyrys” diýip belledi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar