Prezident Erdogan Malaýziýa saparyndan soň Türkiýä gaýdyp geldi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Türkiýäniň wagty bilen sagat 02:00-da Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurdan Stambula gaýdyp geldi.

1326606
Prezident Erdogan Malaýziýa saparyndan soň Türkiýä gaýdyp geldi

Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan bilen birlikde ýurda şeýle hem, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem gaýdyp geldi.

Erdogany Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, Stambulyň Içeri işler edarasynyň müdüri Mustafa Çalyşkan we beýleki resmiler garşyladylar.


Etiketkalar: #Stambul , #Malaýziýa , #Erdogan

Degişli Habarlar