Terror guramasy ÝPG/PKK-a uly zarba uryldy

Güýz paslynda guran operasiýalary bilen 1320 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

1326183
Terror guramasy ÝPG/PKK-a uly zarba uryldy

 

Terror guramasy ÝPG/PKK-a uly zarba uran howpsyzlyk güýçleri güýz paslynda guran operasiýalary bilen 1320 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Türk ýaragly güýçleri ýurduň parahatçylygyny we durnuklylygyny bozmagy maksat edinýän, ýaş uly-ýaş kiçi diýmezden asuda ilata we howpsyzlyk güýçlerine garşy hüjüm guraýan terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär.

Güýz aýlarynda guralan operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň arasynda “gyzyl” kategoriýada gözlenýän Serwet Aýdyn we Söýlemez Ýaşar bilen Beraat Afşin hem bar.

Beýleki tarapdan ekstremist terror guramasyna garşy guralýan operasiýada saklanan 865 adamdan 360- tussag edildi.

 

 

 



Degişli Habarlar