Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň güýçlendigi saýyn öňüne çykýan meseleleriň göwrümleriniň hem tapawutly derejelere çykýandygyny aýan etdi

1315529
Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi

Mewlüt Çawuşogly, Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabyndaky myhmanhanalaryň birinde geçirilen Adalat we ösüş partiýasynyň Ýaşlar şahasynyň sebitleýin maslahatynda, daşary syýasata täsir ýetirýän elementleriniň arasynda geografiýanyň başda durýandygyny habar berdi.

Çawuşogly: “Türkiýäniň geosyýasy taýdan, dünýäde hakykatdan hem ünsleri özüne çekýän bir ýagdaýy we mümkinçiligi bar. Indi bolsa biz energetika koridorydyrys. TANAP, ozalky taslamalar bolan Baku, Tbilisi, Jeýhun we Şahdeniz taslamalary, Türk Akymy... TANAP we Türk Akymy-2 bilen Ýewropa çykýarys. Şol bir wagtda Türkiýe, gadymy Ýüpek ýolunyň janlanmagynda hem möhüm bir ýurt. Bulary netijeli edip ulanmalydyrys. Kanal Stambuly gazmaga başlanymyzdan soň, dünýäde deňiz we transport taýdan taryh üýtgär. Öwrülişik nokady bolar” diýip beýan etdi.  

Mewlüt Çawuşogly, Gündogar Ortaýer deňizindäki buraw işleri bilen baglanşykly bolsa: “Öz suw giňişligimzdäki meseler bilen bagly hiç kim bilen jedelleşige girmeris” diýip belledi.



Degişli Habarlar