Fransiýanyň raýaty bolan terror guramasy DAIŞ-e agza 11 adam Fransiýa ugradylar

Süleýman Soýlu, Izmirde geçirlen “Egeý sebiti, göç, howpsyzlyk we sosial utgaşyklyk” temaly maslahata gatnaşdy

1314184
Fransiýanyň raýaty bolan terror guramasy DAIŞ-e agza 11 adam Fransiýa ugradylar

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Fransiýanyň raýaty bolan terror guramasy DAIŞ-e agza 11 adamyň dekabr aýynyň başynda Fransiýa ugradyljakdygyny aýtdy.

Süleýman Soýlu, Izmirde geçirlen “Egeý sebiti, göç, howpsyzlyk we sosial utgaşyklyk” temaly maslahata gatnaşdy.

Ministr Soýlu, häzire çenli ýurtlaryna dolanan siriýalylaryň sanynyň 370 müň adama ýetendigini ýatlatdy.

Tussag edilen daşary ýurtly terrorçylaryň ýurtlaryna ugradylmagy etabynyň dowam edýändigini nygtan Içeri işler ministri “Fransiýanyň raýaty bolan terror guramasy DAIŞ-e agza 11 adamy dekabr aýynyň başynda Fransiýa ugradarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar