Türkiýe, Albaniýada bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

“Tebigy apatda ýogalanlara we Albaniýanyň halkyna çuňňur gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris"

1312999
Türkiýe, Albaniýada bolan ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

 

Türkiýe, Albaniýada bolan 6,4 bal ululygynda ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Albaniýada bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlara uly gynanç bildirildi.

Beýanatda “Tebigy apatda ýogalanlara we Albaniýanyň halkyna çuňňur gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Türkiýe hemişe bolşy ýaly bu apatda hem Albaniýa goldaw berýär” diýildi.

Beýanatda gözleg we halas ediş işlerine goldaw berjek toparyň harby uçar bilen Tirana gitjekdigi nygtaldy



Degişli Habarlar