Prezident Erdogan Stambul Haliç kongres merkezinde çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Stambul Haliç kongres merkezinde geçirilen MSIAD Wizýoner'19 çäresine gatnaşdy

1313670
Prezident Erdogan Stambul Haliç kongres merkezinde çykyş etdi

 Ol ýerde çykyş eden Erdogan, Türkiýäniň öz içinde uly göwrümli maýa goýumlary we daşary ýurtlarda uly söwda mümkinçiligi bolan ýurtdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan, bor karbidiniň öndürilmäge başlanjakdygyny habar berip: "Ozallar diňe çig mal hökmünde satylan, şol sebäpli girdejisi örän az bolan bor maddasyny aldyk, üstünde işledik, özgertdik, önüme öwürdik. Indi bolsa dikuçarlarda, uçarlarda, toplaryň nillerinde, harby egin-eşiklerde sowut hökmünde ulanyp boljak bor karbidiniň önümçiligine başlaýarys" diýip beýan etdi. 

Erdogan çykyşynda 2022-nji ýylda ýerli aragatnaşyk emele hemrasy Türksat 6A-nyň işläp başlajakdygyny aýan etdi. 

 


Etiketkalar: #karbid , #bor , #Erdogan

Degişli Habarlar