Prezident Erdogan Londonda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynda möhüm ýüzlenme berer

Kalyn Germaniýanyň paýtagty Berlinde türk köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi

1313504
Prezident Erdogan Londonda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynda möhüm ýüzlenme berer

 

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, geljek hepde Britaniýanyň paýtagty Londonda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynda Prezident R. T. Erdoganyň möhüm ýüzlenme berjekdigini aýtdy.

Kalyn Germaniýanyň paýtagty Berlinde türk köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda, geljek hepde geçiriljek NATO-nyň liderler maslahaty, Siriýadaky wakalar, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar, Kipr we Liwiýa meselesinde halkara derejesinde edilýän tagallalar hakynda maglumat berdi.

NATO-nyň liderler maslahatynyň diýseň möhümdigini nygtan Kalyn “Prezidentimiz Londonda möhüm ýüzlenmeler berer. Esasan NATO-nyň XXI asyrdaky pozisiýasy, missiýasy we jogapkärçilikleri ýaly meselelerde Türkiýäniň garaýşyny beýan eder” diýdi.

Howpsyz zolak we migrantlar meselesiniň Ýewropa ýurtlarynyň ýakyndan gyzyklanýan esasy meselelerinden biridigine ünsi çeken Kalyn, “Siriýada serhetlerimiziň terror guramalaryndan saplanmagyndan soň, esasan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň käbir günbatarly ýurtlardan gelen reaksiýalary gördük. Operasiýalaryň şol ýerlerdäki asuda ilata, kürtlere ýada dini azlyklara garşy däl eýsem terrorçylara garşydygyny geçiren gepleşiklerimizde düşündirdik we düşündirmäge dowam ederis” diýdi.

Siriýadaky syýasy etabyň oňyn netije bermeginiň diýseň möhümdigini nygtan Kalyn, “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararynyň çäginde Konstitutsiýa komitetiniň gurulmagyndan soň Siriýada syýasy etabyň oňyn netijelenmegi üçin saýlawlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Biz Astana we Ženewa etabynyň oňyn netije bermegi üçin tagalla edýäris” diýdi.

Kalyn “Terror guramasy ÝPG-niň Kamyşly, Tel Abýad we Rasulaýn ýaly birnäçe ýerde bizin howpsyzlyk güýçlerimize hem-de asuda ilata garşy hüjüm guraýandygyny görýäris. Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder” diýdi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Kalyn “Biz diňe doly agzalygy kabul ederis. Özboluşly hyzmatdaşlyk geçmişde hem gün tertibine getirlipdi emma biz kabul etmedik. Türkiýäniň Ýewropa bilen edýän gatnaşyklary ykdysadyýetimiz we howpsyzlygymyzdan taýdan möhüm” diýdi.

Kalyn NATO agza ýurtlaryň hem-de ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýäniň milli howpsyzlygy meselesinde has ünsli çemeleşmelidiklerini ýatlatdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky türkler barada hem durup geçen Kalyn, Türkiýäniň Kiprde iki jemgyýetiň deň hukuklylygyna esaslanýan çözgüde goldaw berýändigini emma grek tarapynyň ylalaşyksyz tutumyny dowam etdirýändigini ýatlatdy.

Ibrahim Kalyn Germaniýanyň Federal Kansleri Angelam Merkeliň ýanwar aýynda Türkiýä gurajak resmi saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde, Siriýa we NATO ýaly birnäçe meseläniň seljeriljekdigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar