Erdogan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gurluşyny tankyt etdi

Prezident Erdogan, BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň gurluşyny tankyt etdi

1313484
Erdogan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň gurluşyny tankyt etdi

Stambul Kongres merkezinde geçirilen 35-nji ISEDAK maslahatynda eden çykyşynda: “Başdan geçirilýän jebirlere çäre tapyp bilmeýän BMG adamzadyň meselelerine hem çözgüt tapyp bilmez” diýen Erdogan: “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary, hemişelik agzalaryny göz öňünde tutýaryn, 5 agzanyň birem halky musulman bolan ýurt ýokdyr. II Jahan urşunyň ýeňijileri tarapyndan döredilen bu adalatsyz ulgamyň dowam etmegi mümkin däldir. Halkara howpsuzlyk gurluşynyň häzirki şertlere laýyklykda ýaňadandan gurulmagy mejbury ýagdaýa geldi. BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşy, dünýä ilatynyň geografiýa we dini aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýaňadandan kesgitlenmeli” diýip nygtady.

Erdogan çykyşynda mundan başgada, Albaniýada düýn başdan geçirilen ýer titremeden soň, ýaralaryň bejerilmegi üçin kömek etmäge taýardyklary barada ýüzlenme berdi.

Yslam dünýäsini Albaniýa goldaw bermäge çagyran Prezident Erdogan: “Ýer titreme habaryny alanymyzdan soň, düýn gije Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama jaň edip, gynanjymyzy bildirdik. AFAD we Gyzyl Ýarymaý tarapyndan uçarlar bilen ugradylan adatdan daşary önümler Albaniýa baryp ýetdi. Ýük ulaglarynyň hem şu gün Albaniýa baryp ýetjekdigine ynanýaryn. Bu ýerde siziň üstüňiz bilen bütin Yslam dünýäsini Albaniýa kömek etmäge çagyrýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar