Mewlüt Çawuşogly, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

“Özbaşdak we garaşsyz Palestinada, Iýerusalym şäherinde guramamyzyň  döredilen gününü belläp geçmek üçin doga edýärin”

1312491
Mewlüt Çawuşogly,  Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilen gününiň 50 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy

Maslahatda Türkiýäniň we agzasy bolan Aziýa toparynyň adyndan çykyş eden Çawuşogly, “Arakanlylary, Kaşmirlileri, Uýgurlary, Kiprli türkleri, Günbatar Frakiýadaky türk azlygyny, Demirgazyk Amerikadaky we Ýewropadaky musulmanlary hem öz içine alýan musulman halklaryň, azlyklaryň we jemgyýetleriň hak-hukuklaryny her ýerde goramak guramamymyzyň esasy wezipesidir” diýdi.

Türkiýäniň YHG-nyň esasy agzalaryndan biridigini we garaýşyny açyk aýdyň beýan edýändigini aýdan Çawuşogly “Musulman azlyklaryň we jemgyýetleriň goralmagy we Yslamofobiýa garşy göreş, Türkiýäniň we Aziýaly agzalarynyň uly ahmiýet berýän biri-biri bilen arabaglanşykly iki meselesi” diýdi.

Saud Arabystanynyň YHG-nyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde uly işleri durmuşa geçirendigini aýdan Çawuşogly çykyşyny “Bir gün özbaşdak we garaşsyz Palestinada, Iýerusalym şäherinde guramamyzyň  döredilen gününü belläp geçmek üçin doga edýärin” diýip tamamlady.



Degişli Habarlar