Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Katara bardy

Erdogan resmi sapar bilen Katara gitdi

1312006
Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Katara bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Kataryň Emiri Şeýh Temim Al Sani tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Iki lider garşylamak dabarasyndan soň ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler.

Ikiçäk duşuşykdan soň, iki ýurdyň ministrleriniň gatnaşmagynda Ýokary strategik komitediň maslahaty geçiriler.

Maslahatda ykdysadyýet, syýahatçylyk, energetika, goranyş we umumy maýa goýumlar ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşylar.

Iki ýurdyň arasynda käbir resminamalara we şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde şeýle hem Türk-Katar Birleşen Bilelikdäki Harby serkerdeligine baryp görmegi we esgerler bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.


Etiketkalar: #Katar , #sapar , #Erdogan

Degişli Habarlar