Çawuşogly Ýaponiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Motegi Toşimitsu bilen Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde duşuşyk geçirdi

1310969
Çawuşogly Ýaponiýada saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly, G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin giden Nagoýa şäherinde ýaponiýaly kärdeşi Motegi bilen duşuşdy. 

"Ýaponiýa strategik hyzmatdaşy we sebitiň beýik ýurdy bolan Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär" diýen Motegi, kärdeşi Çawuşogly bilen geçirjek duşuşygynda ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri maslahatlaşjakdygyny habar berdi. 

Çawuşogly, örän halaýan ýeri bolan we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ähmiýet berýän ýeri bolan Ýaponiýa sapar guramakdan hoşaldygyny belläp, wezipä täze bellenen Motegini gutlady we işinde üstünlik arzuw etdi. 

 



Degişli Habarlar