Afrinde ÝPG/PKK-nyň ýakyp ýykan hassahanalary we mekdepleri Türkiýe tarapyndan abatlandy

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň ýakyp ýykan binalary abatlandy, Afriniň halkyna azyk we geýim kömegi berildi

1307814
Afrinde ÝPG/PKK-nyň ýakyp ýykan hassahanalary we mekdepleri Türkiýe tarapyndan abatlandy

Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen terrordan saplanan Siriýanyň Afrin etrabynda, terror guramasy ÝPG/PKK-nyň ýakyp ýykan hassahanalary, mekdepleri, metjitleri we ýollary Türkiýäniň maýa goýumlary bilen ýaňadandan dikeldildi.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan geçen ýylyň 20-njy ýanwarynda başladylan we Siriýanyň Milli goşunynyň gatnaşmagyndaky operasiýa bilen terrordan saplanan Afrine gaýdyp baran siriýalylar üçin Türkiýe tarapyndan dürli maýa goýumlar goýuldy.

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň ýakyp ýykan binalary abatlandy, Afriniň halkyna azyk we geýim kömegi berildi.

Türkiýedäki jemgyýetçilik guramalary terrordan saplanan Afriniň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy.

Fiziki we tehnalogiki şertleri kadalaşdyrlan Afrin hassanasynda operasiýadan soň 30 müňe golaý adam saglyk gözegçiliginden geçirildi.

Hassahanada 69 çaga dünýä indi, hassalara tölegsiz derman kömegi berildi.

 



Degişli Habarlar