Türkiýe Boliwiýa bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Boliwiýada 20-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň, ýurdyň käbir şäherlerinde başdan geçirilýän hadysalar sebäpli Türkiýäniň raýatlaryna syýahatçylyk duýduryşyny berdi

1304546
Türkiýe Boliwiýa bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Boliwiýada 20-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň, ýurdyň käbir şäherlerinde başdan geçirilýän hadysalar sebäpli Türkiýäniň raýatlaryna syýahatçylyk duýduryşyny berdi.

Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda çap edilen habarnamada, Boliwiýada başdan geçirilýän hadyslar sebäpli, başda ýurdyň paýtagty La-Pas bolmak bilen, Potosi, Sukre, Santa Kruz de la Sýerra, Kokojamba, El Alto, Oruro we Tariha şäherlerinde wagtal-wagtal ýaramaz hadysalara hem gabat gelmek bolýan aksiýalaryň geçirilýändigi mälim edildi.

Beýanatda: “Boliwiýada ýaşaýan we Boliwiýa söwda we syýahatçylyk maksatly giden we gitmegi meýilleşdirýän raýatlarymyzyň bular ýaly aksiýalaryň geçirilýän ýerlerinden uzak durmaklary we ünsli çemeleşmekleri, soňky hadysalary ýerli metbugatdan ýa-da ýaýlym berýän organlardan gözegçilik etmekleri we La-Pas şäherindäki ilçihanamyz bilen aragatnaşykda bolmaklary maslahat berilýär” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar