Türkiýäniň Agry welaýatynda ýedi terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Agry welaýatynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1303341
Türkiýäniň Agry welaýatynda ýedi terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Agry welaýatynda Žandarma güýçleri tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa geçirildi. 

Operasiýanyň netijesinde eli ýaragly 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Agry welaýatynda 7-nji noýabrda bolsa 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. Şeýlelik bilen sebitde dowam edýän operasiýalaryň çäginde soňky 3 günde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 15-e ýetdi. 

Sebitdäki operasiýa dowam edýär. 

Bölgede operasyonlar devam ediyor.



Degişli Habarlar