Erdogan Orban bilen bilelikde metbugata beýanat berdi
Prezident R.T.Erdogan ÝB-de birnäçe agzanyň özara meselesiniň Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny bökdemegine ýol berilmeli däldigini aýtdy

Wengriýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyryna berýän goldawynyň iňňän möhümdigini beýan eden Erdogan: “Hakykatdan hem Hormatly Premýer ministriň bu meselede berýän goldawyna minnetdarlyk bildirýärin, muny aýratyn nygtasym gelýär. ÝB-niň soňky döwürde ýurdumyza garşy eýeleýän pozisiýasy şübhesiz oňyn däl. Birnäçe agza ýurduň özara meselesi Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny bökdemeli däl. Bileleşik şol çemeleşmesi sebäpli esasan öz bähbitlerine-de zyýan ýetirýär. Türkiýäniň doly agzalygynyň ÝB-ne goşjak goşandyna doly düşünmek gerek” diýdi.
Käbir strategik hyzmatdaşlaryň terror guramasynyň liderleri bilen duşuşmaklaryna, arkalaşmaklaryna gynanýandyklaryny aýdan Erdogan: “Terroryň we terrorçynyň gowusy, “meňkisi, seňkisi” bolmaz. Eger göreşjek bolsa, egilşiksiz göreşeliň” diýdi.
Prezident Erdogan Wişegrad dörtlügi bilen gatnaşyklary hasam ösdürmek isleýändiklerini nygtap, Premýer ministr Orbana “Parahatçlyk Çeşmesi” opeasiýasyna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Degişli Habarlar

Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 140 Boldy
Jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 307 müň 721 adama ýetdi.