PKK/ÝPG terrorçylary 24 sagatda 11 hüjüm gurady

Bu barada Milli goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen habarnamada aýdylýar

1301266
PKK/ÝPG terrorçylary 24 sagatda 11 hüjüm gurady

Siriýadaky “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG terrorçylary soňky 24 sagatda esasy bölegi gaubisa we raketa bilen 11 hüjüm gurady.

Milli goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen habarnamada operasiýa zolagyndaky soňky wakalar hakynda maglumat berildi.

Habarnamada: “Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Howpsyz zolagyň döredilmegi boýunça gazanylan ylalaşyk gyşarnyksyz berjaý edilýärkä PKK/ÝPG terrorçylary “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyna hüjümlerini dowam etdirýär. Terrorçylar esasy bölegi gaubisa we raketa bilen, soňky 24 sagatda jemi 11 hüjüm gurady” diýilýär.



Degişli Habarlar