“Terror koridoryna uly zarba uruldy. Biz terrora garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris”

Kalyn, Prezident R: T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezidentiň Kompleksinde geçirlen maslahat barada beýanat berdi

1300157
“Terror koridoryna uly zarba uruldy. Biz terrora garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň, demirgazyk Siriýada terror koridorynyň hatda terror döwletiniň gurulmagynyň öňüni alandygyny nygtady

Kalyn “Terror koridoryna uly zarba uruldy. Biz terrora garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

Kalyn, Prezident R: T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezidentiň Kompleksinde geçirlen maslahat barada beýanat berdi.

Siriýa syýasy etabyň oňyn netije bermegi, Konstitutsiýa komissiýasynyň öz işini dowam etdirmegi we demokratik hökümetiň iş başyna gelmegi üçin saýlawyň geçirilmelidigini aýdan Kalyn “ Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy esasan demirgazyk we demirgazyk gündogar Siriýada serhedimiziň günortasynda terror koridorynyň hatda terror döwletiniň gurulmagy baradaky arzuw-hyýallaryny puja çykardy. Terror koridoryna uly zarba uruldy emma biz göreşimizi dowam etdireris. Sebäbi terrorçylaryň niýetlerinden we aksiýalaryndan aňsatlyk bilen ýüz öwürmejekdiklerini bilýäris” diýip belledi.

Türkiýäniň hem öz territoriasyna hem-de sebitdäki ähli azlyklaryň we beýleki etniki toparlaryň howpsyzlygyna uly ähmiýet berýändigini we ähmiýet bermäge dowam etjekdigini aýdan Kalyn, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny bökdemäge çalyşýanlaryň ünsli bolmadyklaryny belledi



Degişli Habarlar