Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Katarda

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-Katar Ýokary Strategik komitediň 5-nji maslahatynyň taýarlyklarynyň çäginde Katarda resmi saparda bolýar

1299240
Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Katarda

Ministr Mewlüt Çawuşogly, ilki bilen Kataryň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda iki ýurdyň arasynda gatnaşyklar bilen sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy.

Mewlüt Çawuşogly, Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani tarapyndan hem kabul edildi.

Ministr Çawuşogly ondan soň bolsa Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Somali aragatnaşyk toparynyň maslahatyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar