“Türkiýe terrorçylyga garşy göreşmekde ygrarly”

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşmekde ygrarlydygyny beýan etdi

1298409
“Türkiýe terrorçylyga garşy göreşmekde ygrarly”

Altun Twitter hasabyndan ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda kabul edilen taslamalar we käbir amerikaly syýasatçylaryň Türkiýä garşy beren beýanatlaryna iňlis dilinde reaksiýa bildirdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun: “NATO agza hyzmatdaşy bilen strategik gatnaşyklara zyýan ýetirmegiň günäsi terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň boýnuna. Prezidentimiz R.T.Erdoganyň hem beýan edişi ýaly Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşmekdäki ygrarlylygyny bökdeme synanşygy biziň üçin hökümsiz. Türkiýe terrorçylyga garşy göreşmekde ygrarly. Şol göreşi halkymyzyň we bütin dünýädäki adamlaryň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin alyp barýarys” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar